Äjiniýaz adyndaky ndpi nyñ Türki diller fakultetiniñ Türkmen dili we edebiýat ugrunyñ 2D topar talyby Nurjanow Renatyň Häzirki zaman türkmen edebiý dili sapagyndan işlän slaýdy



Yüklə 38,14 Kb.
tarix27.05.2023
ölçüsü38,14 Kb.
#113565
Nurjanow Renat Ses we shekil

Äjiniýaz adyndaky NDPI nyñ Türki diller fakultetiniñ Türkmen dili we edebiýat ugrunyñ 2D topar talyby Nurjanow Renatyň Häzirki zaman türkmen edebiý dili sapagyndan işlän slaýdy


Tema:Ses we şekil añladýan sözler
Meýilnama:
1.Ses añladýan sözler
2.Şekil añladýan sözler
3.Ses we şekil añladýan sözlerde köpmanylyk
Türkmen diliniň ses we şekil aňladýan sözleri leksika-grammatik aýratynlyklary boýunça özbaşlaryna aýratyn bir söz toparyny emele getirýärler. Bular diliň çeperçilik serişdelerine degişli bolup, sözleşige şekillilik, täsirlilik, emosional-ekspressiw öwüşginlik berýärler
Ses aňladýan sözler. Daşymyzy gurşap alan tebigatda we jemgyýetde döreýän dürli ses hadysalary adamyň eşidiş organy
– gulagy arkaly kabul edilýär we zerurlyk netijesinde şol seslere meňzedilmek ýoly bilen olary takmyny şöhlelendirýän ençeme sözler dilde peýda bolýarlar. Diýmek, bularyň döremeginde adamyň eşidiş
organynyň aýgytlaýjy hyzmaty bar.
Seslenmeler bilen olaryň aňlatmasy bolan sözleriň arasynda
gönüden-göni arabaglanyşyk bar hem bolsa, bular biri-biriniň doly we üýtgewsiz gaýtalanmasy däldirler. Mysal üçin, sygryň molamasy, goýun-geçiniň mälemesi, jüýjäniň jüýgüldisi we başgalar dürs ýazuwda mo, mä, jüýk-jüýk… kimin ýazylsalar-da, ses hadysalarynyň we olary suratlandyrýan sözleriň özara tapawudy bardyr
Şekil aňladýan sözler. Predmetleriň hereket şekilini, boluş ýagdaýyny, daş sypatyny – görnüşini, ýagtylyk şekillerini, adam organizminde peýda bolýan fiziologik-emosional hadysalary aň­
ladýan sözlere şekil aňladýan sözler diýilýär. Hereket, ýagdaý we ş.m. Hadysalar adamyň görüş organy – gözi, syzyş, duýuş organlary arkaly kabul edilýär hem-de şolara özboluşly meňzeşlik, öýkünme esasynda dilde şekil aňladýan sözler peýda bolýarlar.
Şekil aňladýan sözleriň asyl gelip çykyşlary, döreýşi isimler, işlikler we aýry-aýry ses aňladýan sözler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýöne diliň häzirki ösüş ýagdaýynda şeýle sözleri (isim, işlik…) ýüze çykarmaga şekil aňladýan sözleriň diňe birnäçesiniň gurluşy mümkinçilik berýär: ýelk-ýelk – adamyň keýpiniň göterilen
Ses we şekil aňladýan sözlerde köp manylylyk güýçli ösendir:
bularyň ep-esli bölegi öz aralarynda meňzeşligi, ýakynlygy, ujypsyz
arabaglanyşygy bolan aýry-aýry ses we hereket hadysalaryny suratlandyrmaga ukyplydyrlar. Hatda käbirleri bir ýagdaýda ses, başga ýagdaýda şekil aňladýan söz bolup hem ulanylýar:
1) derýanyň, kanalyň we ş.m. Suwy joşup, möwç urup akanda,
eşidilýän güýçli seslenmäni;
Bu söz toparynda manydaş sözler-de az däl. Ol ýa beýleki bellibir seslenmäni we şekili aňlatmak üçin hyzmat edýän sözleriň arasynda many taýdan bir-birine örän ýakynlyk, bellibir derejede tapawut hem bar. Ýöne olar düzüliş aýratynlyklaryna garamazdan, manydaşlyk hatarlary emele getirýärler.
ÜNS BERENIÑIZ ÜÇIN SAG BOLUÑ!!!
Yüklə 38,14 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə