2. Häzirki türkmen ýazuwynda täze elipbiýimiz. Ttürkmen dili fonetikasyna degişli ýazylan işleriň awtorlary barada



Yüklə 20,39 Kb.
səhifə1/3
tarix16.05.2023
ölçüsü20,39 Kb.
#110705
  1   2   3
1-MOWZUK. GIRIŞ. DERSIŇ MAKSADY, WEZIPESI WE ONDA ÖWRENILÝÄN MESELELER.


1-MOWZUK. GIRIŞ. DERSIŇ MAKSADY, WEZIPESI WE ONDA ÖWRENILÝÄN MESELELER.
Meýilnama:
1. Giriş. Dersiň maksady, wezipesi we onda öwrenilýän meseleler.
2. Häzirki türkmen ýazuwynda täze elipbiýimiz.
3. Ttürkmen dili fonetikasyna degişli ýazylan işleriň awtorlary barada.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň türkmen dili we edebiýaty uglagamynda “Türkmen dili amalyýeti (praktikum)” dersi geçilýär. Onda talyplaryň “Türkmen dili” dersinden orta mekdepde alan bilimlerini berkitmek, çuňlaşdyrmak, ortoepiýa, ortografiýa we punktuasiýa boýunça amaly başarnyklaryny ösdürmek, olary türkmen diliniň ylmy grammatikasyny özleşdirmäge taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Ders dowamynda esasy maksady “Fonetika, ortoepiýa we orfografiýa” bölüminde edebi dilimiziň çekimli we çekimsiz seslerindäki, bogun gurluşyndaky aýratynlyklara, çekimli sesleriň inçe-ýogynlyk we dodak sazlaşygy, çekimsizleriň assimilýasiýasy, uýgunlaşma, sesleriň düşürilip, artdyrylyp, orunlarynyň çalşyrylyp aýdylyşy ýaly fonetik hadysalara hem-de olaryň ýazuw düzgünlerine degişli zerur maglumatlar bilen birlikde talyplaryň özleşdiriş derejelerini barlamak üçin soraglar, başarnyklaryny ösdürmek üçin ýumuşlar bilen dernewler öwredilýär.
Leksikologiýa (grekçe-lexikos sözlük düzümi + logos) şol diliň sözlük düzümini öwredýär. Durnukly söz düzümlerini öwredýän ylma frazeologiýa (grekçe phrasis - geplenişe öwrülen we aýdylyşa öwrülen + logos) diýilýär.
Söz ýasalyş türkmen dilinde u1anylýan sözleriň gurluşyny hem-de olaryň ýasalyş kanunalaýyklyklaryny öwredýän ylymdyr. Diýmek, “Leksikologiýa” bölüminde ene dilimiziň söz baýlygy, sözleriň asyl we göçme manylarda ulanylyşy, omonimler, sinonimler, antonimler, durnukly söz düzümleri, sözlükler hakdaky zerur maglumatlar, lingwistik sözlüklerden nusgalar, şeýle hem agzalan meseleler bilen baglanyşykly amaly ýumuşlar bilen dernewler öwredilýär.
Grammatika (grekçe gramma-ýazuw belgisi) iki bölümi öz içine alýar. Birinji bölüm - morfologiýa (grekçe morphe - forma + logos) -forma hakyndaky, söz üýtgeýşi, grammatik manylar, grammatik kategoriýalar, söz toparlary baradaky taglymatdyr. Diýmek, “Morfologiýa” bölüminde söz toparlarynyň, aýratynam, olardan özleşdirmesi kynrak hasaplanylýan atlaryň we işlikleriň morfologik aýratynlyklaryna, köplük, degişlilik, düşüm, zaman ýöňkeme kategorýalarynyň aňladylyşy bilen baglanyşykly meselelere köpräk üns berildi we dernewler öwredilýär.
Ikinj i bölüm - sintaksis (grekçe syntaxis - düzüm, birleşdirme) baglanyşykly sözleýşiň gurluşyny öwredýän ylym bolup, söz düzümleri we sözlemler baradaky taglymatdyr. Dyngy belgileriň goýluşy baradaky kadalar ýygyndysy-da sintaksis bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, “Sintaksis” bölüminde, esasan, sözleriň özara baglanyş ýollary, erkin söz düzümleri, ýönekeý we goşma sözlemler, olaryň görnüşleri, sözlem agzalary bilen grammatik taýdan baglanyşmaýan sözler, başganyň sözi…ýaly meselelere degişli grammatik maglumatlar berildi, olar bilen baglanyşykly dyngy belgileriň ýazuw düzgünleri düşündirildi we dernewler öwredilýär.
Görkezilen bölümleriň hemmesi özara baglanyşykly bolup, bitewilikde türkmen diliniň ulgamyny hasyl edýär.
Ýumuşlar çeper eserlerden, halk döredijiginden, gündelik metbugatdan alyndy, iş kagyzlaryndan nusgalar berildi. Tekstleriň stil aýratynlygyna, sözlemleriň arasyndaky many hem grammatik baglanyşyga üns çekildi.
Temanyň özleşdiriliş derejesini we talybyň amaly başarnygyny barlamak maksady bilen kitabyň her bölümine degişli grammatik derňewler öwredilýär.

Yüklə 20,39 Kb.

Dostları ilə paylaş:
  1   2   3




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə