Iman esaslarynyň şerhi



Yüklə 3,73 Mb.
səhifə4/4
tarix16.08.2018
ölçüsü3,73 Mb.
#63454
1   2   3   4

Kadara iman etmek

Kadar (Takdyr) bu: «Alla tagalanyň ylmyna we hikmetine görä, barlyklaryň ýazgydyny ýazmaklygydyr».

Takdyra iman etmek dört sany meseläni öz içine alýar:

1. Alla tagala ähli zady gysgaça we giňişleýin, geçmişden we geljekden, goý, ol zatlar Onuň Öz işleri bilen bagly bolsun, ýa Onuň gullarynyň işleri bilen bagly bolsun tapawudy ýok, ählisini bilendigine (bilýändigine) iman etmek.

2. Alla tagala kadary «Lewhul-Mahfuzda» ýazyp goýandygyna iman etmek. Bu babatda Alla tagala şeýle diýdi: «(Eý, Muhammet!) Sen Allanyň asmanlardaky we ýerdäki (ähli zady) bilýändigini, munuň bir kitapda (Lawhul-Mahfuzda) ýazylgy durandygyny bilmeýärsiňmi?! Takyk, bu Alla üçin örän ýeňildir» (Haj:70).

Sahyh Muslimde gelişi ýaly, Abdulla ibn Amr ibn Asdan -Alla olardan razy bolsun- rowaýat edilmeginde şeýle diýdi: «Allanyň resuly -sallallahu aleýhi wesellemiň- şeýle aýdanyny eşitdim: «Alla tagala ýeri we asmanlary ýaratmazdan elli ýyl öň, ähli barlyklaryň ýazgydyny ýazyp goýandyr» (Muslim).

3. Mahluklaryň (ýaradylanlaryň) işleri bilen bagly bolsun, ýa (Alla tagalanyň) Öz işleri bilen bagly bolsun tapawudy ýok, Alla tebärek we tagalanyň isleginden başga zat bilen bolmajakdygyna iman etmek.

Öz işi barada Alla tagala şeýle diýdi:


«Seniň Perwerdigäriň islän zadyny ýaradar we (islän zadyny) saýlar» (Kasas: 68).

«Alla islän zadyny eder» (Ibrohim:27).

«(Eneleriňiziň) göwrelerinde size islän görnüşinde şekil beren Oldur (Alladyr)» (Äli-Imran:6).

Mahluklaryň işleri barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Eger Alla islesedi, olary siziň başyňyza musallat ederdi we olar hem siziň bilen söweşerdiler» (Nisä:90).

«Eger Alla islesedi, olar muny edip bilmezdiler. Bes, sen olary (müşrikleri) toslan ýalanlary bilen ýalňyz goý!» (Engam:112).

4. Ähli barlyklar, olaryň sypatlary we hereketleri, Alla tarapyn ýaradylandygyna iman etmek.

Alla tagala aýtdy: «Alla barça zatlaryň ýaradyjysydyr. Ol ähli zadyň gözegçisidir». (Zumer:62).

«Ol ähli zady ýokdan bar edip, olara şekil (nyzam) berip, (her zadyň ýazgydyny) kesgitländir». (Furkan:2).

Allan tagala, pygamberi Ybraýym -aleýhis-selämiň- öz halkyna aýdan sözüni getirip şeýle diýdi: «Alla sizi we siziň işleriňizi ýaradandyr». (Soffät:96).

Ýokardaky kadara iman etmek baradaky waspymyz adamyň özygtyýaryna iş etmekligini inkär etdigi däldir. Çünki din we durmuş kanuny munuň hakdygyna delalat edýändir.



Din tarapdan: Isleg hakynda Alla tagala aýtdy:

«Indi islän adam Rebbine barýan ýoly tutsun!». (Nebe:39).



«Aýallaryňyz sizin üçin (çaga öndürýän) ekin ýeriňizdir. Öz ekin ýeriňize (halal edilen ýerden) öz göwün isleýşiňiz ýaly baryň!» (Bakara:223).

«Başardygyňyzça Alla garşy çykmakdan we haram işlere baş goşmakdan saklanyň!». (Tagabun:16).

«Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz). (Her kimiň) gazanan (ýagşy işi) öz bähbidine, gazanan (erbet amaly) hem öz zyýanynadyr». (Bakara:286).

Adamyň özygtyýaryna iş etmekligi barada adaty durmuş kanuny hem, delalat edýändigi mälimdir.

Her bir ynsan özünde islegiň we güýjüniň bardygyny bilýändir, olara görä islän zadyny bitirýär ýa-da taşlaýar. Ýöremek ýaly adamyň öz islegi bilen bolýan zatlar bilen, titremek ýaly öz islegi bilen bolmaýan zatlar parhlanýandyr. Emma adamyň islegi we başarjaňlygy, Allanyň isleginiň we güýç-kuwwatynyň astynda bolýandyr.

Alla tagala aýtdy: «(Emma bu dogry ýolda berk durmak) siziň islegiňize bagly däldir, ol diňe älemleriň Perwerdigäri bolan Allanyň islegi bilen (amala aşar)». (Tekwir:28-29).

Çünki bu barlyklaryň hemmesi Allanyň mülkidir. We onuň mülkinde hiç bir zat onuň biliminden we isleginden çykýan däldir.

Biziň ýokardaky agzap geçişimiz ýaly kadara iman etmeklik, parz ybadatlary taşlap, günäler edip ýörmekligi ündeýän däldir.



Şonuň üçin onuň (günä edip, ýazgydy bahanalap ýöreniň) bahanasy birnäçe sebäplere görä ýalňyşdyr:

Birinji: Alla tagala aýtdy: «(Alla) şärik goşanlar: «Eger Alla islesedi‚ bizem‚ ata-babalarymyzam (Alla) şärik goşmazdyk. Hiç bir zady hem (öz-özümizden) haram etmezdik» diýerler. Olardan öňküler hem, tä Biziň azabymyzy dadýançalar, (pygamberlerini) ýalançy hasaplapdylar. Aýt: «Siziň ýanyňyzda (eliňizde) Bize (orta) goýup biljek anyk maglumatyňyz (belli bir deliliňiz) barmy? Siz diňe (ýalňyş) çaklama uýýarsyňyz hem-de diňe ýalan sözleýärsiňiz». (Engam: 148).

Ikinji: Alla tagala aýtdy: «Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik). Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir». (Nisä:165).

Eger ýazgyt günäkärlere bahana bolan bolsa, pygamberleriň iberilmegi bilen olaryň bahanalaryna jogap bolmazdy. Çünki günäler pygamberler iberilenden soňra Allanyň ýazgydy bilen boldy.



Üçünji: Buhary we Muslimiň kitabynda Aly ibn Ebu Talypdan -Alla ondan razy bolsun- rowaýat edilmegine görä, Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Siziň her biriňiziň dowzahda ýa-da jennetde barjak ýeri, takdyrlanyp ýazylyp goýlandyr». Märekeden biri turup: «Onda hiç bir amal etmälimi Eý, Allanyň resuly?!» diýip sorady. Ol: «Ýok! Hökman amal ediň! Her kime (barjak ýeri) ýeňilleşdirilendir». Soňra hem: «Kim (emlägini Allanyň ýolunda) sarp etse, günälerden saklansa we iň gowyny (Allanyň birligini) tassyklasa, Biz oňa iň aňsady (jenneti) miýesser ederis...» diýen aýaty okady». Muslimiň getiren hadysynda: «Her kim ýaradylan zadyna ýeňilleşdiriler» diýilýär.

Çünki Pygamberimiz kadar diýip ýatmaklykdan gaýtaryp, ýagşy amal etmekligi buýrandyr.



Dördünji: Alla tagala Öz bendesine ybadatlary buýrup, ony ýaman zatlardan gaýtardy we oňa başarmajak zadyny buýurmady. Bu barada Alla tagala şeýle aýtdy: «Başardygyňyzça Alla garşy çykmakdan we haram işlere baş goşmakdan saklanyň!». (Tagabun:16).

«Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz). (Her kimiň) gazanan (ýagşy işi) öz bähbidine, gazanan (erbet amaly) hem öz zyýanynadyr». (Bakara:286).

Eger adam ýazgydy sebäpli amal etmeklige mejbur edilen bolsa, onda oňa başaryp bilmejek zady hem buýrulardy we ony etmesizlikden sypyp bilmezdi. Bu düýbünden ýalňyşdyr. Şonuň üçin hem, ol bir günäni (onuň günädigini) bilmän etse, ýa ýadyndan çykaryp etse, ýa-da zorluk bilen etdirilse, oňa günä ýazylmaz. Sebäbi, onuň özüni aklar ýaly uzury (sebäbi, delili) bardyr.

Bäşinji: Alla tagalanyň ýazgydy gizlin bolan bir syrdyr, eger ýazgyt amala aşmasa bilinmez. Adamda iş etmeklik üçin bolýan islegi, ony etmeginden öň, bolup geçýändir. Onsoň onuň iş etmeklik islegi Allanyň ýazgydyna görä, oňa belli bolýan däldir. Şeýlelik-de ýazgydy bahana tutunmaklygy aradan aýrylýar. Çünki adam bilmeýän zadyna, kadary bahana tutunsa, ondan kabul edilmez.

Altynjy: Hakykatdan-da biz, adamyň dünýe işlerinde onuň özüne ýaraýan zatlarynyň yzynda tä oňa ýetýänçä, hars urýanyny görýäris we ondan öz peýdasyna däl işlere dänmeýänini hem görýäris. Soňra hem bu edenine kadary delil tutunýar. Onda näme üçin din işlerinde özüne peýda berýän zatlardan ýüz öwürip, zerer berýän zatlara tarap gidýär, soňam ýazgydy bahanalaýar. Bularyň ikisi, bir zat dälmidir?!

Saňa gowy düşnükli bolar ýaly bir mysal getireliň: Eger adamyň öňünde iki sany ýol bolsa, biri durşuna eden-etdilik, ölüm-ýitim, ogurlyk, namysa degişlik, gorky, açlyk we ş.m. ülkesine eltýän bolsa we ikinjisi düzgün-nyzamly, howpsyz, parahat ýaşaýyş, adamlaryň janlaryna, ar-namyslaryna we emläklerine sylag-hormat goýulýan ülkesine eltýän bolsa, ol haýsy ýoldan gider? Elbetde düzgün-nyzamly, howpsyz bolan ýere barýan ýoly saýlar. Akyly bar adam eden-etdilikli, howply bolan ülkä barýan ýoly saýlamaklygy we eden işine hem ýazgydy delil tutmaklygy mümkin däldir.

Onda näme üçin ol ahyret işine gezek galanda, jennetiň ýoluny dälde, dowzaha barýan ýoly saýlaýar we kadary hem bahana tutunýar?!



Başga bir mysal: Biz hassa adamyň işdäsi almasa-da özüne içmegi buýrulan dermany içýändigini we işdäsi bolsada, özüne zyýan berjek gadagan edilen tagamy iýmeýändigini görýäris. (Sebäbi) bular onuň sag-salamatlygy we şypalanmagy üçin edilýändir. Onuň dermany içmekden saklanyp we zeper berjek tagamy hem iýip, soňra hem ýazgydy delil tutunmaklygy mümkin däldir.

Onda näme üçin, Alla we Onuň resulynyň buýran zadyny etmän, gaýta olaryň haram eden zatlaryny edip, ýazgydy bahana tutunýar?!



Ýedinji: Allanyň buýran zatlaryny etmän, günäler edip, soňra hem ýazgydy bahana edýän adama, biri haksyzlyk edip, onuň emlägini alsa ýa-da onuň hormatyny gaçyrsa, soňra hem ýazgydy delil tutunyp: «Meni günäkerleme, meniň eden haksyzlygym Alla tagalanyň ýazgydy sebäpli boldy» diýse, ol onuň bahanasyny kabul etmez.

Onda näme üçin, özüne başga biri haksyzlyk edende, ýazgydy bahana tutunmak bolmaýar-da, Allanyň hakyna nähaklyk etmegine, öz peýdasy üçin ýazgydy bahana tutunýar?!

(Şerigat eserlerde) aýdylmagyna görä, möminleriň emiri Omar ibn El-Hattab -Alla ondan razy bolsun- eliniň kesilmegine mynasyp bolan bir ogrynyň dawasy arz edilende, ol onuň eliniň çapylmagyny buýurýar. Şonda ol (ogry): «Duruň! Eý, möminleriň emiri! Men diňe Allanyň kadary sebäpli ogurlyk etdim» diýende, Omar: «Biz hem seniň eliňi Allanyň kadary bilen kesýäris» diýip jogap berdi.

Kadara (ýazgyda) iman etmegiň birnäçe miweleri bardyr:

Birinjisi: Bir iş edeniňde esbaplary alyp, Alla daýanmaklykdyr. Esbaplara daýanylmaz (oňa daýanylmak şirk günäsidir) çünki, her bir iş Allanyň ýazgydyna görädir.

Ikinjisi: Adam öz islän maksadyna ýetende, özünden göwni hoş bolup ýörmeklikden saklanmalydyr. Sebäbi, haýyr we ýeňiş Alla tagalanyň takdyry esasynda ýetilen nygmatdyr. Emma onuň özünden hoşal bolmaklygy, nygmata şükür etmekligi ýadyndan çykardýandyr.

Üçünjisi: Alla tagalanyň ýazgydy bilen başyna düşen zatlara kalby rahatlyk tapar we arkaýyn bolar. Arzuw eden, söýen zadynyň elden gidenine ýa-da halamadyk zadynyň başyna düşenine, närahat bolup ýörmez. Sebäbi, bu zatlar asmanlaryň we ýeriň mülküne eýe bolan Allanyň ýazgydy bilen bolandyr. Ol bolaýmaly zatdyr, gaçara ýer ýokdur.

Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Ýer (ýüzünde) bolup geçýän we siziň başyňyza gelen (islendik) belany, Biz heniz ony ýaratmagymyzdan öň, bir kitapda ýazyp goýandyrys. Takyk, bu Alla (üçin) aňsatdyr. (Alla muny) siziň gidiren zatlaryňyza gynanmazlygyňyz, size berlen zatlar (nygmatlar) üçin hem, ulumsy (tekepbir) bolmazlygyňyz üçin (beýan edýär). Ol (Alla) öwnüp duran ulumsylaryň hiç haýsyny halamaz». (Hadid:22-23).

Pygamber -sallallahu aleýhi wesellem- aýtdy: «Möminiň işine berekella! Onuň işiniň her biri haýyrdyr. Bu diňe mömin üçindir, ondan başgalar üçin däldir. Eger onuň başyna şatlyk gelse, Alla şükür eder we oňa sogap bolar we eger oňa bir musybet degse, sabyr-takat eder we bu hem oňa sogap bolar». (Muslim).

Kadar meselesinde iki sany topar azaşandyr:

Birinjisi: Jebriýýe, (olar): «Adam amal etmeklige mejbur edilendir, onuň hiç-hili öz islegi, güýji ýokdur!» diýdiler.

Ikinjisi: Kadariýýa, (olar): «Adam islegde we mümkinçilikde amal eder we ol özbaşdak hereket eder, munda Alla tagalanyň isleginiň we güýjiniň dahyly ýokdur!» diýdiler.

Birinji azaşan topar bolan «Jebriýýä» din taýdan we adaty durmuş kanuny tarapdan jogap (bereliň):



1. Şerigat tarapdan «Jebriýýelere» şeýle jogap berýäris: Alla tagala bendesiniň isleg-eradasynyň bardygyny aýdyp, oňa amaly baglandyr. Alla tagala aýtdy: «Sizden kim dünýä (bähbidini), kimler (bolsa) ahyret (sogabyny) isleýärdi». (Äli-Imran:152).

«(Eý, Muhammet!) Aýt: «(Bu Kuran) Perwerdigäriňizden (gelen) hakykatdyr. Islän kişi iman getirsin, islän kişi inkär etsin! Takyk, Biz zalymlar üçin (daş-töweregi) diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarlap goýduk». (Kehf:29).

«Kim ýagşy iş etse, öz peýdasynadyr. Kim erbet iş etse, öz zyýanynadyr. Perwerdigäriňiz bendelere zalymlyk (adalatsyzlyk) etmez!» (Fussylat:46).

2. Adaty durmuş tarapdan jogap:

Elbetde her bir adam, iýmek-içmek, alyş-beriş etmek ýaly, öz isleg-ygtyýary bilen edýän işleri bilen, gyzdyrmak keselden ýaňa titremek, ýa-da jaýyň üstünden ýykylmak ýaly, öz islegi bilen bolman başyna düşýän işleriniň parhyny bilýändir.

Ol birinji mysalda mejbur edilmesizden öz ygtyýary bilen edendir, ikinjide bolsa başyna inen musybet sebäpli islegsiz, ygtyýarsyz bolandyr.

Ikinji azaşan topar bolan «Kadariýýa» din we akyl tarapdan jogap:



1. Din «Kadariýýäniň» bu sözüne şeýle jogap berýär:

Takyk, Alla tagala her bir işi ýaradandyr we her zat Onuň islegi bilen bolandyr. Alla tagala gullarynyň işleriniň Öz islegi bilen bolýandygy barada, Öz kitabynda şeýle diýdi:

«Eger Alla islesedi, olardan soň gelen (milletler) özlerine äşgär deliller geleninden soň, biri-birleri bilen söweşmezdiler. Emma çaprazlyga düşendikleri (sebäpli), olaryň käbiri iman getirdi, käbiri hem inkär etdi. Eger Alla islesedi, olar söweşmezdiler. Emma Alla islän zadyny amala aşyrýandyr». (Bakara:253).

«Biz islesek, her bir adamyň dogry ýola gelmegini miýesser ederdik. Emma Menden: «Dowzahy jynlaryň we adamlaryň bir topary bilen dolduraryn» diýen gutarnykly söz çykandyr». (Sejde:13).



2. Akyl tarapdan jogap.

Hakykatdan-da bu barlyklaryň ählisi Alla tagalanyň mülkidir, ynsan hem bu barlyklaryň biridir! Indi Allanyň mülkündäki bu zatlar öz Patyşasynyň mülkinde, eger Onuň rugsady we islegi bolmasa, heý, islän hökümlerini edip bilerlermi?! (Elbetde, bu mümkin däldir).

***

Yslam akydasynyň maksatlary

(El-hedef) sözi Arap dilinde köp manyda gelýär. Olardan: «Atmaklyk üçin dikilen nyşana we maksat-myrat edilen her-bir zat (hedefdir)».

Yslam akydasynyň we oňa berk ýapyşmaklygynyň hedefleri:

1. Niýetiňi we ybadatyňy ýeketäk Alla tagalanyň razylygy üçin bolmagydyr. Çünki Alla tagala deňi-taýy we şärigi bolmadyk Ýaradyjydyr! Şu sebäpden hem, niýet we ybadat diňe Oňa bagş edilmelidir, Onuň razylygy üçin bolmalydyr.

2. Kalbyň dogry akydadan boş bolmaklygy esasyndan emele gelýän, daş töwerekdäki goh-galmagally şüphelerden akylyňy we pikiriňi päklemeklik. Çünki kalbyň dogry akydadan boş bolmaklygy, onuň içiniň batyl we azgynlaşan akydalar bilen dolmaklygy mümkindir.

3. Adam nebsi taýdan närahat bolmaz, akyl taýdan durnuksyz bolmaz, nebsi we pikir tarapdan rahat bolar. Çünki bu akyda mömini Öz Rebbi bilen baglar. Soňra ol Rebbiniň älem-jahany Dolandyryjy we kanun goýup Höküm edijigini bilip, başyna inen zada razy bolar we kalby rahat tapar. Ýüregi Yslama tarap açylar we Yslamy hiç zat bilen çalşasy gelmez.

4. Alla tagala ybadat etmekde ýa-da Onuň ýaradan mahluklary bilen bolan aragatnaşykda, adamyň niýetiniň we işleriniň azgynlyga tarap ýykgyn etmeginden saklar. Çünki bu akydanyň esaslaryndan, niýetde we amalda päk bolan ýollaryna eýermegi içine alan resullara iman etmekdir.

5. Amal etmekde kararly we tutanýerli bolmakdyr. Çünki adam sogap umyt edip salyh amal görse, pursaty elden bermän peýdalanar. We Allanyň azabyndan gorkup günä bar ýerden daşlaşar. Çünki akydanyň esaslaryndan Ahyret gününde direlişe we hasabata iman etmekdir.

Alla tagala aýtdy: «Her kim eden işine görä (dürli) derejeleri gazanar. Seniň Rebbiň olaryň edýän işlerinden gapyl däldir». (Engam:132).

Bu maksada Pygamber -sallallahu aleýhi wesellemde- iterendir: «Alla tagala üçin güýçli mömin gowşak möminden sögülidir we haýyrlydyr, ýöne olaryň hersinde-de haýyr bardyr. Saňa peýda berjek zada ymtyl we Alladan medet sorada ejizlik etme! Eger başyňa bir musybet gelse: «Käşgä plan eden bolsadym, şeýle-şeýle bolardy» diýme, gaýta: «Allanyň ýazan-ýazgydydyr we Ol islän zadyny eder» diý, çünki «käşgä (bolan-bolsa)» sözi, şeýtanyň amaly üçin gapy açar (we adamyň ýazgydyna närazy bolmagy üçin was-wasa berer)». (Muslim).

6. Diniň bekemegi we diregleriniň mäkämleşmegi üçin, bu ýolda başyna gelen belalara üns bermän, arzanyndan-gymmadyndan her zadyny şu ýol üçin bagş etjek güýçli ymmatyň gurulmagydyr.

Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Takyk (hakyky) möminler Alla we Onuň ilçisine iman getiren, soň (imanlarynda hiç hili) şek-şübhä düşmezden Allanyň ýolunda emläkleri we janlary bilen söweşen kişilerdir. Olar dogruçyllaryň hut özleridir». (Hujurat:15).

7. Şahslary we topar-topar adamlary ruhy taýdan sagaltmak bilen, dünýe we ahyrediň bagtyýarlygyna ýetmek, sogap gazanyp ýokary derejelere ýetmekdir.

Bu babatda Alla tagala aýtdy: «Erkek bolsun, ýa aýal, (her) kim iman getirip, ýagşy amallary etse, takyk, ony gözel durmuşda ýaşadarys. Olaryň eden işleriniň sylagyny iň gözel görnüşde bereris». (Nahl:97).

Bu entäk Yslam akydasynyň käbir maksatlaryndandyr. Ol maksatlaryň, biziň we ähli mömin-musulman ülkelerinde amala aşmagyny beýik Alladan umyt edýäris!

***


Mazmuny

Sahypa

Mowzuk

N

1

Sözbaşy

1

3

Yslam dini näme?

2

7

Yslamyň sütünleri (rükünleri)

3

10

Yslam akydanyň esaslary

4

11

Alla tagala iman etmek

5

25

Perişdelere iman etmek

6

30

Kitaplara iman etmek

7

32

Resullara iman etmek

8

38

Ahyret gününe iman etmek

9

53

Kadara iman etmek

10

63

Yslam akydasynyň maksatlary

11

66

Mazmuny

12

***





1 Barzah: “Adamyň ölüminden soň, onuň başyndan geçýän ähli gaýyp hadysalardyr”.

Yüklə 3,73 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə