Umumy häsiýetnamasy



Yüklə 4,81 Kb.
tarix02.03.2018
ölçüsü4,81 Kb.
#29544

Umumy häsiýetnamasy

Osmiý atom belgisi Os we atom sany 76 bolan himiki elementdir. Osmiý 1803-nji ýylda Smitson Tennant we William Wollatson tarapyndan Londonda açylylypdyr. Osmiý iň agyr we iň dykyz elementdir. Onuň dykyzlygy 7004225900000000000♠22.59 g/cm3.



Fiziki häsiýetleri

Osmiý çalymtyl gök reňkli, iň agyr durnukly elementdir. Ol gaty metal bolsada çalt döwülýär, ýokary temperaturada ýalpyldaýar. Osmiý gaty, döwülgen, bug basyşy pes, ereme temperaturasy ýokary bolanydygy üçin maşyngurluşygynda ulanmak kyn.



Himiki häsiýetleri

Osmiý birleşmelerinde +2, +3, +4 we +8 okislenme derejeleri ýüze çykarýar. +8 okislenmäni ýüze çykarýan esasy birleşmesi osmiý tetraoksidi. Bu oksid uçujy, suwda ereýän, sary reňkli, gaty kristal şekilli, ýiti ysly, zäherli maddadyr. Esasan, osmiý metalynyň pes okislenme derejelerindäki birleşmeleri ligandlar tarapyndan durnukly ýagdaýa geçýär.



Izotoplary

Tebigatda osmiý elementiniň 7 sany izotopy bar, olardan 6 sanysy durnuklydyr. Olar 184Os, 187Os, 188Os, 189Os, 190Os we 192Os. Izotoplarynyň içinde iň köp duşýany 192Os.



Ulanylyşy

Nikel we mis metallaryny öndürilende osmiý goşmaça önüm hökmünde emele gelýär. Oksidiniň uçujylygy we zäherlidigi sebäpli arassa osmiý ulanylmaýar diýen ýaly, ýöne onuň splawlary giňden peýdalanylýar. Umuman osmiý elektron mikroskoplarynda, çyralarda, batareýalarda we organiki himiýada okislendiriji hökmünde ulanylýar.
Yüklə 4,81 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©www.genderi.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

    Ana səhifə